Çilide başlan protest ýörişleri 7 günden bäri dowam edýär

Protest ýörişlerinde 19 adam ýogaldy, 500-den gowrak adam ýaralandy, 2600 adam hem saklandy

1295190
Çilide başlan protest ýörişleri 7 günden bäri dowam edýär

Çilide metronyň nyrhynyň artdyrylmagy sebäpli başlan protest ýörişleri 7 günden bäri dowam edýär

“Çiliniň taryhyndaky iň uly ýöriş” ady berlen protest ýörişlerlerinde, paýtagt Santiagoda bir ýere jemlenşen ýüz müňlerçe adam, Prezident Sebastian Pineranyň hökümetine garşy şygarlar aýtdy

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýörişlere 800 müňe golaý adamyň gatnaşandygyny we şol sanyň 1 milliondan geçmegine garaşylýandygyny öňe sürýär

Ýurtda protest ýörşleri sebäpli döwlet eýeçiligindäki käbir edaradyr karhanalar oda berildi we talaňjylyklar başdan geçirilýär.

3 welaýatda we 11 şäherde dartgynlygyň artmagy sebäpli gyssagly ýagdaý yglan edildi we köçä çykmak gadagan edildi.

Protest ýörişlerinde 19 adam ýogaldy, 500-den gowrak adam ýaralandy, 2600 adam hem saklandy

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar