Çilide 6,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Çiliniň Milli adatdan daşary ýagdaýlar agentligi, ýer titremäniň ýurdyň orta we günorta zolaklarynda duýulandygy mälim edildi

1278567
Çilide 6,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezinden berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 10:57-de bolan ýer titremäniň güýç merkeziniň Konstitusion şäheriniň 66 km günorta-günbatarynda, ýeriň 16,5 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi.

Ýer titremäniň kenar ýerlerdäki şäherlerdir-obalarda we 360 km alysda ýerleşýän ýurdyň paýtagty Sintiagoda hem duýulandygy habar berildi.

Çiliniň Milli adatdan daşary ýagdaýlar agentligi, ýer titremäniň ýurdyň orta we günorta zolaklarynda duýulandygy mälim edildi.

Ýer titreme sebäpli adam ýitgisiniň çekilip-çekilmändigi barada bolsa entek anyk maglumat ýok.


Etiketkalar: #ABŞ , #ýer titreme , #Çili

Degişli Habarlar