Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam edýär

Fransiýada Sary ýeňsizliler topary demonstrasiýalarynyň 46-njy hepdesinde Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň syýasatyny protest etdiler

1278171
Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam edýär

Ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyna we ýaramaz ykdysady şertlere nägilelik bildirmek maksady bilen başlan, ondan soň Makronyň hökümetine garşy demonstrasiýalara öwrülen Sary ýeňsizlileriň protestleri eýýäm ençeme aý bäri dowam edýär.

Ýurdyň paýtagty Parižde biri-birinden tapawutly köçelerde ýöriş geçiren demonstrantlar, Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy şygarlar aýtdylar.

Giň gerimli howpsyzlyk çäreleriniň astynda geçirilen demonstrasiýalarda hiç hili hadysa başdan geçirilmedi.

Polisiýa gullugy, Champs-Elysees köçesinde we aprel aýynda ýüze çykan ýangynda uly zyýan ýeten Notr-Dam soborynyň golaýynda demonstrasiýa geçirilmegini gadagan etdi.

Tuluza şäherinde geçirilen protestlerde polisiýa gullugynyň işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi. Demonstrantlar şäheriň Kapitol meýdançasynda ýerleşýen restoranlaryň birine degişli uly saýawany ýakdylar. Polisiýa gullugy, demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz we ýokary basynçly suw ulandy. Demonstrasiýalarda 5 adam göz tussaglygyna alyndy.

Nissadaky demonstrasiýalarda demonstrantlar, penşenbe güni aradan çykan ýurdyň ozalky Prezidenti Žak Şiraky hatyraladylar.

Mundan başgada ülkäniň biri-birinden tapawutly şäherlerinde protestler geçirildi.

Içeri işler ministrligi demonstrasiýalara gatnaşan adamlaryň sany barada maglumat bermedi.

Sary ýeňsizlileriň protestleri 2018-nji ýylyň 17-nji noýabrynda başlapdy. Demonstrasiýalarda häzirki wagta çenli 11 adam ýogaldy, 4 müň 245-den gowrak adam ýaralandy we 12 müň 107-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar