Eýran zamun alynan iňlis gämisiniň boşadyljakdygyny habar berdi

Eýranyň Hurmuzgan welaýatynyň Deňiz we port edaralary Baş müdiri Murad Afifipur “Steno Impero” atly iňlis nebit gämisiniň golaýda boşadyljakdygyny beýan etdi

1274252
Eýran zamun alynan iňlis gämisiniň boşadyljakdygyny habar berdi

Afifipur Eýranyň döwlet teleýaýlymyna beren beýannamasynda nebit tankeriniň boşadylmagy barada karar kabul edilmeginden soň 65 günden bäri Eýranyň suw giňişliginde garaşdyrylýan “Steno Impero” gämisiniň halkara suw giňişligine çykjakdygyny aýtdy.

Nebit tankeriniň Eýranyň suw giňişliginden çykmagy bilen bagly kazyýet işleriniň dowam edýandigini aýdan Afifipur, tankeriň deňizçilik kadalaryny bozmagy boýunça derňew işiniň dowam edýändigini, kazyýetiň kararynyň golaýda yglan ediljekdigini nygtady.

Britaniýa tabynlykdaky Gibraltar awtanomiýasy 4-nji iýulda Siriýa goýulan embargolary bozandygy sebäpli Eýrana degişli tankeri saklapdy.

Eýranly ýolbaşçylar tankeriň boşadylmagyny, eger şeýle bolman halatynda degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini beýan edipdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary 19-njy iýylda Britaniýa degişli “Steno Impero” atly nebit tankerini Ormuz bogazyndan geçýärkä “deňizçilik düzgünlerini berjaý etmändigi” sebäpli saklandygyny habar beripdi.

Gibraltaryň Ýokary kazyýeti 15-nji awgustda Eýrana degişli nebit tankerini boşatmak hakynda karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar