Hytaýda sil sebäpli 200 adam ýogaldy

Hytaýda 1998-nji ýylda sil sebäpli azyndan 3700 adam ýogalypdy

1256122
Hytaýda sil sebäpli 200 adam ýogaldy

Hytaýda sil sebäpli 200 adam ýogaldy

Hytaýda iýul we awgust aýlarynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli azyndan 200 adam ýogaldy

Gözleg we halas ediş toparlary sil sebäpli 63 adamyň hem dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Gözleg we halas ediş topary tarapyndan berlen beýanatda iýul aýynda sil sebäpli 154 adam ýogaldy, 31 adam dereksiz ýitdi, 1,3 million adam hem başga ýere göçürildi.

Awgust aýynyň başyndan bäri bolsa sil sebäpli 46 adam ýogaldy, 34 adam hem ýitdi.

Hytaýda 1998-nji ýylda sil sebäpli azyndan 3700 adam ýogalypdy

 

 

 



Degişli Habarlar