Taýlantda partlamalar boldy

Partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýaralandy

1246722
Taýlantda partlamalar boldy

Taýlandyň paýtagty Bangkokda bolan partlamalarda köçeleri arassalaýan 2 işgär ýaralandy

Taýlandyň metbugatynda berilen habarlara görä, şu gün irden ýerli wagt bilen sagat 07:00 we 09:00 töweregi şäheriň hökümet binalarynyň ýerleşýän merkezi sebitlerinde 4 aýry partlama boldy.

Wakanyň bolan ýerini gözden geçiren polisiýa işgärleri, partlan bombalaryň elde ýasalandygyny habar berdiler.

Premýer ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, wakanyň jogapkärleriniň gözlenýändigi we şäheriň ähli ýerinde howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylandygy mälim edildi.

Bangkokda 52. Günorta-gündogar Aziýa milletler bileleşigi ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirilýär.


Etiketkalar: #Bangkok , #partlama , #Taýland

Degişli Habarlar