Fukusimada ýene-de 4 reaktor öçüriler

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Fukusima II ýadro desgasyndaky 4 reaktor böleklere bölünip öçüriler

1245673
Fukusimada ýene-de 4 reaktor öçüriler

Fukusima II ýadro desgasyny dolandyrýan Tokio elektrik güýji kärhanalaryndan (TEPCO) berilen beýanatda, desgadaky 4 reaktoryň ýerinden sökülip, öçürilmegi barada karara gelinendigi mälim edildi. 

Beýanatda, kararyň awgust aýynda geçiriljek dolanşyk geňeşiniň agzalarynyň maslahatynda resmi ýagdaýda kabul ediljekdigi beýan edildi. 

TEPCO-nyň başlygy Kobaýakawa Tomoaki, Fukusimanyň gubernatory Uçibori Masao bilen geçiren duşuşygynda Fukusima II desgasyndaky reaktorlaryň howpsyz ýagdaýda öçürilmeginiň 40 ýyl dowam etjekdigini habar berdi. 

Fukusima II desgasynyň 10 km uzaklygynda ýerleşýän Fukusima I ýadro desgasynda 2011-nji ýylda bolan 9 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide, 6 reaktoryň 3-sinde radioaktiw ýitgi emele gelipdi, 1 reaktora bolsa strukturalaýyn ýagdaýda zeper ýetipdi. 

Sebitde ýaşaýan 10 müňlerçe adam radioaktiw ýitgiden soň, öýlerini terk etmäge mejbur bolupdy. 

 


Etiketkalar: #desga , #Fukuşima

Degişli Habarlar