Ýaponiýada güýçli ýagyşlar sebäpli 800 müň adam başga ýere göçürildi

Halka güýçli ýagyşlar sebäpli has ünsli bolmaklary barada çagyryş berildi

1229417
Ýaponiýada güýçli ýagyşlar sebäpli 800 müň adam başga ýere göçürildi

Ýaponiýada güýçli ýagyşlar sebäpli 3 şäherde 800 müň adam başga ýere göçürildi

Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýerleşýän Kagoşima welaýatyny täsiri astyna alan güýçli ýagyş sebäpli 3 şäherde 800 müň adamyň başga ýere göçürilmegi barada görkezme berildi.

Kýoda habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, güýçli ýagyşlar we sil sebäpli ýeriň süýşmegi howpynyň artandygyny nygtan ýolbaşçylar, Kagoşima welaýatynyň Kirişima, Kagoşima we Aira şäherlerinde 800 müň adamyň başga ýere göçürilmegi barada görkezme berdi.

Güýçli ýagyşlar sebäpli Kagoşimanyň goňşusy Miýazaki welaýatynda hem 310 müň adamyň göçürlip bilinjekdigi barada duýdyryş berildi.

Halka güýçli ýagyşlar sebäpli has ünsli bolmaklary barada çagyryş berildi.

 

 

 



 

 

 

 



Degişli Habarlar