BMG Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarlygy Kaşykçy jenaýaty barada habarnama çap etdi

1221631
BMG Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarlygy saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatynyň üstüniň açylmagy boýunça eden hyzmatdaşlygy üçin “Türkiýä minnetdardygyny” beýan etdi.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarlygy BMG-niň nähak we ýerliksiz jezalandyrmalar boýunça ýörite hünärmeni Agnes Kallamardyň Kaşykçy jenaýaty barada taýarlan habarnamasy hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýannamada türk hökümetine “jenaýatyň derňelmegi üçin eden hyzmatdaşlygy we ýagşy niýetli çemeleşmesi üçin diýseň minnetdar” bolunandygy nygtalýar.

101 sahypalyk habarnamada Saud Arabystan Jemal Kaşykçyny bilkastlaýyn we meýilleşdirip öldürmekde günäkärlenýär.

Habarnamada Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen bilelikde ýokary derejeli ýolbaşçylaryň jenaýat işine çekilmegi üçin ynamdar delilleriň bardygyna üns çekilýär.

Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy 2-nji oktýabrda nikalaşmak bilen bagly resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygyna baradanda, wagşylarça öldürilipdi.



Degişli Habarlar