Sudanly oppozisonerlere görä ýogalanlaryň sany 108 adama ýetdi

Resmi maglumata görä bolsa ýogalan adamlaryň sany 46-dan geçmedi

1214400
Sudanly oppozisonerlere görä ýogalanlaryň sany 108 adama ýetdi

Sudanly oppozisioner lukmanlar, howpsyzlyk güýçleriniň şu hepdäniň duşenbe güni ýurdyň paýtagtynda demonstrantlara garşy od açmagy netijesinde we ondan soň bolan wakalarda ýogalan adamlaryň sanynyň 108-e ýetendigini beýan etdiler. 

Sudan Lukmanlar komitediniň Facebook hasabyndan berilen beýanatda: "Sudandaky wakalarda ýogalan adamlaryň sany 108-e ýetdi. 500-den gowrak ýaraly adam bar" diýip bellendi. 

Komitet tarapyndan düýn berilen beýanatda bolsa 100-den gowrak ýogalan adam bilen birlikde Nil derýasyna zyňylan takmynan 40 adamyň jesediniň bardygy öňe sürülipdi. 

Resmi maglumata görä bolsa ýogalan adamlaryň sany 46-dan geçmedi. 

Sudanyň Saglygy goraýyş ministriniň wekili Süleýman Abdüljabbar, resmi habarlar agentligi SUNA beren beýanatynda, sosial mediada oppozisonerleriň paýlaşan maglumatlaryň nädogrygyny belläp: "Goşuna degişli umumy güýçleriň Kolumbiýa sebitindäki we ondan soň geçiren operasiýalarynda ýogalan adamlaryň sany 46-den geçmedi" diýip nygtady. 

 



Degişli Habarlar