Dunaý derýasyndaky gämi heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Wengriýanyň paýtagty Budapeştiň içinden geçýän Dunaý derýasynda başdan geçirilen gämi heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany 13-e ýetdi

1214242
Dunaý derýasyndaky gämi heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Wengriýanyň Terrora garşy göreş merkezi tarapyndan Wenger habarlar agentligine berilen beýanatda, Dunaý derýasynda batan gämi bilen bagly geçirilýän gözleg işleriniň netijesinde ýene-de 4 adamyň jesediniň suwdan çykarylandygy mälim edildi.  

Şonuň bilen birlikde wakada ýogalan adamlaryň sany 13-e ýetdi.

Beýanatda mundan başgada entek tapylmadyk 15 adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigi aýan edildi.

Dunaý derýasynda 29-njy maýda bolan gämi heläkçiliginde, düzüminde 33 günorta koreýaly syýahatçy we 2 wenger ekipaž bolmak bilen jemi 35 adam bolan syýahatçylyk gämisi başga bir gämi bilen çakyşyp batdy.

Wakada 7 adam ýaraly ýagdaýda halas edilipdi.

Gözleg işlerine Günorta Koreýadan we Awstriýadan gelen toparlar hem goldaw berýär.



Degişli Habarlar