ŞHG-nyň Media Forumy Geçirildi

Gyrgyz Respublikasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media Forumy Geçirildi

1207702
ŞHG-nyň Media Forumy Geçirildi

Paýtagt Bişkek şäherinde Prezidentiň maslahatlar merkezinde gçeirilen forumy açan Prezident Soornbaý Jeenbekow media forumynyň ŞHG-na agza ýurtlaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.

Jeenbekow Gyrgyz Respublikasynyň ŞHG bilen ähli ugurda hyzmatdaşlyk edýandigine ünsi çekip, ŞHG-nyň awtoritarly gurama öwrülendigini nygtady.

Media forumynyň tanyşmaga we tanyşdyrmaga şert döredendigini beýan eden Jeenbekow: “Media forumynyň ŞHG-na girýän ýurtlarda umumy maglumatlar strategiýasynyň döredilmegi taýdan densiz platforma öwrüljekdigine ynanýarys. Media organlarynda oňyn habarlaryň berilmegi üçin haýsydyr bir bökdençlik ýok. Metbugat işgärleriniň üstünlikleriniň ýurtlaryň arasyndaky üstünlige goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Hytaýyň Žurnalist bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Hu Sýaohan bolsa ŞHG-nyň sebitiň umumy gymmatlyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin halklaryň gözýetimini giňeldip; “Şanhaý ruhunyň dikeldilmelidigini” aýtdy.

Pakistanyň Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Zaidi Sikander bolsa ŞHG-nyň dünýäniň ilatynyň 40 göterine eýedigini belläp: “ŞHG-na girýän ýurtlaryň sebitinde adam serişdeleri güýçlendirilmeli” diýdi.

Russiýanyň Neşirýat we Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Gullugynyň başlygy Tatýana Naumowa bolsa media forumynyň birinsiniň Russiýada, ikinjisiniň Hytaýda, üçünjisiniň bolsa Gyrgyz Respublikasynda geçirilýandigini ýatladyp, ŞHG-nyň prezidentleriň maslahatynda garalýan resminamalarda-da media hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini we onuň möhümdigini nygtady.

Media foruma ministrler, ŞHG-na agza ýurtlaryň wekilleri, diplomatlar, agza ýurtlaryň habarlar gulluklarynyň wekilleri we žurnalistler gatnaşdy.



Degişli Habarlar