Russiýanyň Prezidenti Putiniň 2018-nji ýylda gazanan girdejisi aşaklady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2018-nji ýylda gazanan girdejisi  8 million 648 müň rubl aşaklady

1182573
Russiýanyň Prezidenti  Putiniň 2018-nji ýylda gazanan girdejisi aşaklady

 

Kreml döwletiň ýokary derejel ýolbaşçylarynyň emlaklary hakynda beýanat berdi.

Kreml tarapyndan berlen beýanata görä, 2017-nji ýylda 18 million 728 müň rubllyk girdeji gazanan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň girdejisi geçen ýyl 8 million 648 müň rubl ýagny 774 müň TL-lik aşaklady.

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew geçen ýyl 9 million 917 müň rubl ýagny 887 müň TL-lik girdeji gazandy.

Kreml tarapyndan berlen beýanata görä, Putiniň Russiýada 2 öýi, 2 garažy we 3 ulagy bar.

Premýer ministr Medewdewiň bolsa 367,8 ine dördül metrlik 1 öýi we 2 ulagy bar.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu geçen ýyl 11 million 532 müň rubl ýagny 1 millin TL-lik, Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa 7 million 340 müň rubl ýagny 656 müň TL-lik girdeji gazandy

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar