Eýranyň iň ýaşuly gazet satyjysy Emiri 93 ýaşynda wepat boldy

Eýranyň iň ýaşuly gazet satyjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 93 ýaşly Muhammed Renjber Kerej şäherinde aradan çykdy

1177094
Eýranyň iň ýaşuly gazet satyjysy Emiri 93 ýaşynda wepat boldy

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” habar bermegine görä Ginnesiň rekordlar kitabyna gidip, dünýäniň we Eýranyň in ýaşuly gazet satyjysy kabul edilen Emiri düýn agşam Elburz welaýatrynyň merkezi Kerej şäherinde aradan çykdy.

1926-njy ýylda Huzistanyň Badal şäherinde dünýä inen Emiri 1937-nji ýylda 11 ýaşynda patagt Tähranda gazet satmaga başlaýar. Şol bir wagtda ýazyjy bolan Emiri, 82 ýyllyk iş durmuşyny beýan edýän “Gazet satyjysynyn ýatlamasy” atly awtobiografiýa kitabyny ýazdy.

Emirinin 6-njy aprelde Kerej şäherinde okaljak jynaza namazyndan soň jaýlanjakdygy habar berildi.



Degişli Habarlar