Saud Arabystany Kaşykçynyň çagalaryna millionlarça dollarlyk jaý beripdir

Kaşykçynyň çagalaryna millionlarça dollarlyk jaý berlipdir we her aý her birine 10 müň dollar tölenipdir

1175740
Saud Arabystany Kaşykçynyň çagalaryna millionlarça dollarlyk jaý beripdir

Saud Arabystanynyň saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli Kaşykçynyň çagalaryna millionlarça dollarlyk jaý berendigi we her aý her birine 10 müň dollar töländigi öňe sürüldi.

Waşington Post gazetiniň berýän habaryna görä, Saudy Şasy Salman geçen ýylyň ahyrynda Kaşykçynyň ikisi gyz 4 perzendiniň her birine her aý 10 müň dollar tölenmegi we jaý berilmegi baradaky karary tassyklady

Habarda, Kaşykçynyň çagalaryna berlen jaýlaryň Jidde şäherinde ýerleşýändigi we her biriniň gymmatynyň 4 million dollara barabardygy nygtaldy

Saud Arabystanynyň Kaşykçy maşgala agzalaryna şol puly kakalarynyň ýogalmagy barada metbugata beýan bermezlikleri we jenaýat hakynda ylalaşyk gazanmak üçin berendigi öňe sürüldi.

Kaşykçynyň çagalaryna, Kaşykçynyň ganhorlary hakynda gozgalan we geljek aýlarda tamamlanjak kazyýet işinden soň “Gan puly” hökmünde hem millionlarça dollaryň tölenjekdigi aýdylýar.

Žurnalist Kaşykçynyň çagalary  öňe sürülýän garaýyşlara jogap bermek islemedi.

Kaşykçy maşgalasynyň Waşintondaky aklawçysy William Taýlor hem maşgala jerime tölenip tölenmändigi barada garaýyş beýan etmek islemedi.

Kaşykçynyň çagalary kakalarynyň öldürlen gününden bäri Saudy Şalygyny berk tankyt etmekden gaça durýardy.

Resmi işleri üçin 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda  Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygyna giden Saudy žurnalist Jemal Kaşykçy şol ýerde öldürlipdi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar