Ilham Aliýew we Nikol Paşinýan Awstriýada duşuşdylar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Dagalyk Karabag meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ilkinji gezek Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşyk geçidiler

1173273
Ilham Aliýew we Nikol Paşinýan Awstriýada duşuşdylar

Ermenistanyň hökümetinden berilen beýanata görä, Aliýewiň we Paşinýanyň arasyndaky Daglyk Karabag temaly ilkinji resmi duşuşyk başlady.

Sputnikiň berýän habaryna görä, duşuşyga iki ýurdyň daşary işler ministrleri, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (AGİT) Minsk toparynyň wekilleri, AGIT-iň döwürleýin başlygynyň wekili gatnaşýar.

Duşuşygyň ikinji bölüminde bolsa liderleri ikiçäk duşuşyk geçirerler.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Hikmet Hajyýew hem duşuşygyň başlandygyny tassyklady.

Hukuk taýdan Azerbaýjana degişli bolan Daglyk Karabag, Ermenistanyň gözegçiligi astynda.



Degişli Habarlar