BMG ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň masgaraçylykly kararyna reaksiýa bildirdi

“Bu mesele boýunça BMG-da kabul edilen kararlara goldaw berýäris”

1168663
BMG ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň masgaraçylykly kararyna reaksiýa bildirdi

BMG ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Golan depeleri hakyndaky masgaraçylykly kararyna reaksiýa bildirdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Farhan Hag, Trampyň beýanaty barada “Bu mesele boýunça BMG-da kabul edilen kararlara goldaw berýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp “52 ýyl soň ABŞ üçin Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlylygyny doly ykrar etmegiň wagty geldi”diýipdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 1981-nji ýylda kabul eden 491 belgili kararynda Ysraýylyň Golan depelerini basyp almagyna garşylyk görkezilýär we kararda “Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Golan depelerinde öz kanunlaryny we kararlary durmuşa geçirmäge hukugy ýok”diýilýär.

Ysraýyl Siriýa degişli bolan Golan depelerini 1967-nji ýylda basyp alypdy.

 

 



Degişli Habarlar