Germaniýanyň ýarag eksport 23 göterim aşaklady

Germaniýanyň ýarag we harby enjam satuwy 2018-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 23 göterim aşaklady

1127841
Germaniýanyň ýarag eksport 23 göterim aşaklady

Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrligimdem Ýaşyllar partiýasynyň halk deputaty Omid Nuripuryň soragyna berilen jogapda hökümetiň geçen ýyl 4,8 milliard ýewrolyk ýarag we harby enjam satuwyny tassyklandygy beýan edildi.

Ýarag satuwy geçen ýyl 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 23 göterim aşakklady.

Germaniýa 2015-nji ýylda 7,86 milliard ýewrolyk ýarag eksport edip, rekord goýupdy.

Nemes hökümeti saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň 2-nji oktýabrda ýurdunyň Stambuldaky Başkonsullygynda öldürilen jenaýatynyň üsti açylman halatynda Saud Arabystanyna ýarag eksport etmejekdigini beýan edipdi.

Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrligi hem düýn resmi Riýada ýarag satuwyny tassyklamajakdygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar