Samsunda Panamanyň baýdagyny göterýän gämi batdy

Gözleg we halas ediş işlerinde gäminiň 3 ekipažy halas edildi

1120586
Samsunda Panamanyň baýdagyny göterýän gämi batdy

Samsunda Panamanyň baýdagyny göterýän gäminiň batandygy hakynda gelip gowşan habardan soň başladylan gözleg we halas ediş işlerinde gäminiň 3 ekipažy halas edildi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýanatynda, Samsunyň gara suwlarynda 77 mil alysda Panamanyň baýdagyny göterýän gäminiň batandygy hakynda gelip gowşan habardan soň Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeliginiň gözleg we halas ediş işlerini başladandygy nygtaldy.

Beýanatda gämidäki ekipaždan 3 adamyň halas edilendigi, gözleg we halas ediş işlerinin bolsa dowam edýändigi bellenildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar