Taliban we Amerika, BAE-de gepleşikler geçirdiler

Owganystanda 17 ýyl bäri dowam eden söweşi bes etmek maksady bilen Taliban guramasynyň wekilleri bilen Amerikaly resmiler Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) gepleşikler geçirdiler

1109267
Taliban we Amerika, BAE-de gepleşikler geçirdiler

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahit tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Taliban guramasynyň wekilleri bilen Amerikaly resmileriň arasynda düýn geçirilen gepleşiklere Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we BAE-niň wekilleriniň hem gatnaşandygy mälim edildi.

Beýanatda, gepleşikleriň barşynda ABŞ-niň Owganystandan çekilmegi we ýurtda parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ele alynandygy mälim edildi.

Gepleşikleriň dowam etjekdigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Owganystanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, Taliban bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň iň gysga wagtda başlajakdygy beýan edildi.

Beýanatda, gepleşiklere ýolbaşçylyk etjek Abdul Salam Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň BAE gidendigi aýan edildi.



Degişli Habarlar