Hindistanyň Mumbai şäherinde hassahanada ýangyn ýüze çykdy

Wakada 8 adam ýogaldy

1109302
Hindistanyň Mumbai şäherinde hassahanada ýangyn ýüze çykdy

Hindistanyň Mumbai şäherindäki hassahanalaryň birinde düýn ýüze çykan ýangynda ýogalan adamlaryň sany 8-e ýetdi.

Hindistanyň metbugatynda berilen habarlara görä, şäheriň etegindäki Andheride 4 gatly ESIC Kamgar hassahanasynda ýüze çykan we elektrik tok liniýasyndaky näsazlyk sebäpli ýüze çykandygy çak edilýän ýangynda ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen, ýogalanlaryň sanynyň 8-e ýetendigi, aglabasy hassahananyň işgäri we syrkaw bolan 147 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Ýangyn söndürijiler, hassahananyň 3-nji gatynda ýüze çykan we gysga wagtda 4-nji gata hem ýaýran ýangynda ýogalanlaryň arasynda bir bäbegiň hem bardygy barada maglumat berdiler.

Gysga wagtda ulalan ýangyndan çykan tüssäniň hassahanany gaplandygyny aýdan resmiler, ýangynda ýaraly halas bolan 140-dan gowrak adamyň tapawutly hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny, şolaryň 25-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdiler.

Resmiler ozal, elektrik tok liniýasyndaky näsazlykdan başlandygy çak edilen ýangynda, 6 adamyň ýogalandygyny, 129 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan edipdiler.



Degişli Habarlar