"Kaşykçyny öldürmek baradaky buýrugy Bin Selmanyň berendigi gün ýaly aýan"

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň bir resmisi, Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçyny öldürmek baradaky buýrugy Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň berendigi gün ýaly aýandygyny nygtady

1091734
"Kaşykçyny öldürmek baradaky buýrugy Bin Selmanyň berendigi gün ýaly aýan"

ABŞ-niň Merkezi Razwedka gullugynyň Kaşykçy jenaýaty bilen bagly habarnamasyny gören we adynyň aýan edilmezligini isleýän  ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň bir resmisi, ABC News-e beýanat berdi. 

Jenaýatda saudy liderliginiň bardygy barada pikir birliginiň bardygyny, ony hiç kimiň jedelleşmeýändigini aýdan resmi, Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçyny öldürmek baradaky buýrugy Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň berendigi gün ýaly aýandygyny habar berdi. 

Washington Post gazedi, ABŞ-niň Merkezi Razwedka gullugynyň, žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi baradaky buýrugy Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň berendigi barada netije gelinendigini öňe sürüpdi. 

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, ABŞ-niň Merkezi Razwedka gullugyndan brifing almandygyny, emma Döwlet sekretary Maýk Pompeo we razwedka gullugynyň resmileri bilen bu meseläni maslahatlaşjakdygyny beýan edipdi. 

 



Degişli Habarlar