“Tramp söweş diýmekdir”

Parižde Trampa garşy protest ýörişi geçirildi

1085951
“Tramp söweş diýmekdir”

Fransiýanyň paýtagty Parižde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň dünýäniň parahatçylygyna howp salýan syýasatlaryna garşy protest ýörişi geçirildi.

Söweşe garşy tutum alyp barýan 50-ä golaý jemgyýetçilik guramasynyň agzalary  Respubligue meýdanynda bir ýere jemlenişdi.

Ygally howa garamazdan müňlerçe adamyň gatnaşamgynda geçirlen ýörişde “Tramp söweş diýmekdir”, “Ýok bolsun zulum we söweş” we “Parahatçylygy goldalyň” diýlen şygarlar aýdyldy.

I Jahan urşunyň tamamlanmagynyň we Prahatçylyk şertnamasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreler Fransiýanyň paýtatgy Parižde berk howpsyzlyk çäreleriniň astyna dowam edýär, beýleki tarapdan paýtagtda Donald Trampa garşy protest ýörişleri hem geçirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar