Guam adasynda ýer titremesi boldy
Ýuwaş okeanynda ýerleşýän we ABŞ-e degişli bolan Guam adasynda 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy
1055055
ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merkezi güýç merkezi Inaražan obasynyň 197 km günorta-gündogarynda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň, ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.
Ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada bolsa maglumat berilmedi.