ABŞ-nyň Türkiýedäki ozalky ilçisi ,ýurduna egilşik etmegi barada çagyryş berdi

Wilson ýurdunyň Türkiýä garşy yglan eden ykdysady söweşiniň, halkara bazarlara we ýurduna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýtdy

1032169
ABŞ-nyň Türkiýedäki ozalky ilçisi ,ýurduna egilşik etmegi barada çagyryş berdi

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ozalky ilçisi Ross Wilson, ýurdunyň Türkiýä garşy yglan eden ykdysady söweşiniň, halkara bazarlara we ýurduna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän FOX TW-niň ýaýlymyna gatnaşan Ross Wilson sanksiýa kararyny tankyt etdi we egilşik edilmän halatynda kararyň ABŞ-na we dünýä ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini belledi.

Türkiýä garşy bolan kararlaryň ABŞ-nyň bähbidine zeper ýetirjekdigini aýdan Wilson, ýurduna edilşik etmegi barada çagyryş berdi.

 



Degişli Habarlar