Taýlantdaky gaýyk heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artýar

Taýlandyň Puket adasynda batan, içindäkileriň aglabasy hytaýly turistlerden ybarat bolan hadysada ýogalan adamlaryň sany 42-ä ýetdi

1008609
Taýlantdaky gaýyk heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artýar

Puketiň gubernatory Norrapat Plodthong batan gaýykdan ýene-de bir adamyň jesediniň çykarylmagy bilen ýogalan adamlaryň sanynyň 42-ä ýetendigini habar berdi.

Gaýygyň batmagyndan soň dereksiz ýitendigi çak edilen 5 adamyň diridigi ýüze çykandygyny aýdan Norrapat bu maglumaty Taýlandyň Migrasiýa gullugyndan we Hytaýyň Bangkokdaky ilçihanasyndan alandyklaryny mälim etdi.

Norrapat şeýlelik bilen dereksiz ýiten adam sanynyň 10-a çenli azalandygyny beýan etdi.

Norrapat soňky maglumatlara görä gaýykda 87-si hytaýly bolmak bilen jemi 89 adamyň bolandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar