Ýaponiýada sil sebäpli 15 adam ýogaldy

Sil sebäpli 50 adamyň dereksiz ýitendigi nygtalýar

1007746
Ýaponiýada sil sebäpli 15 adam ýogaldy

 

Ýaponiýanyň Kansai etrabynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil 15 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Etrapda ýaşaýan 170 müň adamyň hem howpsyz ýere göçürilmegi üçin görkezme berildi.

Sil sebäpli 50 adamyň dereksiz ýitendigi nygtalýar.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar ýurduň günbatarynda ýerleşýän şäherlerde hem gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.



Degişli Habarlar