Pompeo Tehasda öldürilen pakistanly okuwçy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Tehas ştatynyň Santa Fe şäherindäki liseýleriň birinde anna güni guralan hüjümde öldürilen pakistanly okuwçy Sabika Şeikh sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

974855
Pompeo Tehasda öldürilen pakistanly okuwçy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Pompeo gynanç hatynda: “Santa Fe şäherindäki liseýde öldürilen Sabika Şeikhiň maşgalasyna we dost-ýarlaryna gynanç bildirýärin” diýdi.

Pakistanly okuwçynyň ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň "Ýaş çalşyrma we bilim programmasynyň" çäginde ABŞ-e gelendigini aýdan Maýk Pompeo Şeikhiň öldürilmeginiň ABŞ-de we Pakistanda gynanç bilen kabul edilendigini habar berdi.

Amerikanyň Tehas ştatynyň Santa Fe şäherinde anna güni liseýleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 10 adam ýogalypdy, 10 adam ýaralanypdy.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp hüjüm bilen baglanşykly Twitter hasabyndan: “Tehasda liseýe hüjüm guraldy. Ilkinji gelip gowuşan habarlar örän erbet. Taňry ählisini öz penasynda saklasyn” diýip nygtapdy.



Degişli Habarlar