Gazada şehit bolan palestinalylaryň sany 64-e ýetdi

Ysraýylyň Howpsyzlyk güýçleriniň ot açmagy netijesinde 3 müňden gowrak adam hem ýaralanypdy

974583
Gazada şehit bolan palestinalylaryň sany 64-e ýetdi

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazada geçen hepde Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň ot açmagy netijesinde ýaralanan 2 palestinaly şu gün irden şehit boly.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Ysraýylyň gülleleri sebäpli ýaralanan 58 ýaşyndaky Muin Abduihamit Al Sail bilen 20 ýaşyndaky Muhammed Mazin Uleýýan şu gün irden şehit boldy” diýildi.

Uleýýan bilen Sainiň şehit bolmagy bilen ýekşenbe gününden bäri Gaza serhedinde geçirilýän protest ýörişlerinde şehit bolan palestinalylaryň sany 64-e ýetdi.

Ysraýylyň Howpsyzlyk güýçleriniň 14-nji maýda ýekşenbe güni ABŞ-nyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegine garşy we Nekbäniň  ýagny Uly betbagtçylygyň 70-njy ýylyny hatyralamak islän demonstrantlara ot açmagy netijesinde 62 palestinaly şehit bolupdy, 3müňden gowrak adam hem ýaralanypdy.

 

 



Degişli Habarlar