Ýunker: Ýewropa global sahnada güýç ýitirýär
ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker Ýewropanyň global sahnada güýç ýitirýändigini belledi
Gollandiýanyň Trouw gazedine beýanat beren Ýunker Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ykdysadyýeti, demografik ýagdaýy we Russiýa bilen gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi.
Ýunker Ýewropanyň we Russiýanyň söwuk söweş ritorikasyny bir gyra süýşürip, ýaňadandan nädip aragatnaşyga geçip biljekdigine gönükmelidigini nygtady.
Russiýanyň sebitleýin güýçden has ulydygyny aýdan Ýunker: “Ruslar bilen deň ýaly gürlüşmäge öwrenmelidiris” diýdi.
Ýewropanyň howpsyzlygyny Russiýasyz üpjün edip bolmajakdygyny aýdan Ýunker: “Ýewropa global sahnada güýç ýitirýär. Dünýäniň başlygydyrys diýip pikir edýäris, emma älemiň kiçijek we ejiz bir bölegidigimizi ýatdan çykarýarys” diýdi.
Ýewropanyň ykdysady güýç hökmünde peselýändigini we demografik ýagdaýda hem güýç ýitirýändigini aýdan Ýunker: “Medeni hökmünde bardyrys emma agdyklyk etmeýäris. Şol sebäpli her kimi has salykatly bolmaga we dünýäniň galan bölegini diňlemäge çagyrýaryn” diýdi.
ÝB-niň şahsyýetiniň üstünde hem durup geçen Ýunker: “ÝB hristian bileleşigi däl” diýdi.
Ýunker Hristianlyk Ýewropanyň özgermegine uly goşant goşandygyny, emma ÝB-ni hristian bileleşik hökmünde häsýetlendirmegiň hakykakata laýyk däldigini belläp: “Bileleşigiň düzüminde musulmanlar hem ýaşaýar. Düzgün-kadalarymyza gulak asdyklary saýyn, olar hem biz bile bilelikde ýaşamaga dowam eder” diýip beýan etdi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl 454 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gaza Sektoryna guralýan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 45 müň 581 adama ýetdi.