"Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleriniň arasyndaky duşuşyk oňyn başlangyç"

Tramp ýakynda Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Un bilen duşuşjakdygyny belledi

960212
"Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleriniň arasyndaky duşuşyk oňyn başlangyç"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleriniň arasyndaky duşuşygy oňyn başlangyç hökmünde görýändiklerini nygtady.

Tramp “Bu mesele has ozal çözülmelidi. Bu meseläni çözmek boýnumyň borjy. Ozalky hökümetler ýaly ýalňyşlyk etmerin. Koreýa Ýarym adasy dolulygyna ýadro ýaraglaryndan saplanýança Demirgazyk Koreýa basyş etmäge dowam ederis” diýdi.

Tramp ýakynda Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Un bilen duşuşjakdygyny belledi.

Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky gepleşikleriň möhümdigini aýdan Tramp, ABŞ-nyň bu etapda uly rol oýnaýandygyny we etabyň oňyn netije bermegini umyt edýändiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar