Germaniýada senagat önümçiliginiň depgini gowşady

2018-nji ýylyň fewral aýynda senagat önümçiligi ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 1,6 göterim azaldy

945785
Germaniýada senagat önümçiliginiň depgini gowşady

 

Germaniýanyň Federal Hasabat gullugynyň wagtlaýyn görkezijilerine görä, 2018-nji ýylyň fewral aýynda senagat önümçiligi ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 1,6 göterim azaldy.

Senagat önümçiligi 2017-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende bolsa 2,6 göterim artdy.

Görkezijiler Germaniýada fewral aýynda ýanwar aýy bilen deňeşdirilende energetika we gurluşyk pudagyndan daşary önümçiligiň 2 göterim aşaklandygyny görkezýär.

 



Degişli Habarlar