Guam adasynda tälim alan PKK-a agza terrorçylar Afrine getirilmäge başlandy

ABŞ Guam adasynda tälim beren ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylary Siriýanyň Afrin sebitine getirmäge başlady

922915
Guam adasynda tälim alan PKK-a agza terrorçylar Afrine getirilmäge başlandy

PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG-ni ýarag bilen dolduran ABŞ indi bolsa Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň öňünde derbi-dagyn bolýan Afrindäki terrorçylara goşmaça ýagdaýda 1990-njy ýyllardan bäri Guam adasynda tälim beren PKK-a agza terrorçylary sebite getirmäge başlady.  

ABŞ-nyň daşary ýurtdaky iň uly 2-nji bazasy bolan Guam adasynda PKK-a agza terrorçylara uçar we dik uçar ulanmak, taňka garşy we zenit ýaraglary ulanmak, minany täsirsiz ýagdaýa getirmek öwredilýär.

ABŞ Owganystanyň Bagram bazasyndan soň daşary ýurtda guran iň uly 2-nji bazasy bolan Guam adasynda 1996-njy ýyldan bäri terrorçylara tälim berýär.

Azyndan 1 ýyl tälim alýan terrorçylaryň geýýän we ulanýan ýaraglaryndan formalaryna çenli ähli zat ABŞ-nyň Ýöriteleşdirilen harby toparlaryndan tapawutly däl.  

Beýleki tarapdan Siriýada we Yrakda ABŞ tarapyndan berilen ýylylyk saýawanlar Şeýh Hadid we Kefer Jenne sebitlerinde gabat gelindi.  



Degişli Habarlar