ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Çernogoriýanyň paýtagty Podgorisadaky ilçihanasyna granat bilen hüjüm guraldy

915625
ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Şahsyýeti entek anyklanmadyk bir hüjümçi giýje ilçihananyň binasyna granat atanyndan soň, üstündäki bombanyň ýaryp, öz janyna kast etdi.

Çernogoriýanyň hökümeti hüjüm bilen baglanşykly derňew işini polisiýa gullugynyň we prokuraturanyň işgärleri tarapyndan alynyp barylýandygyny belledi.

ABŞ-nyň Çernogoriýanyň paýtagty Podgorisadaky ilçihanasynyň metbugat geňeşçisi Jeff Adler Çernogoriýanyň mediasyna beren beýanatynda hüjümçiniň şahsyýetini anyklamak üçin polisiýa gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini habar berdi.

Çernogoriýanyň mediasynda berilýän habarlara görä hüjümçi granady ilçihananyň diwaryndan içine atdy.



Degişli Habarlar