Eýranda düýnki bolan wakalar sebäpli 300 adam göz tussaglygyna alyndy...

Eýranyň paýtagty Tähranda Gonabadi tarikadynyň agzalary bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklardan soň 300 adam göz tussaglygyna alyndy

914440
Eýranda düýnki bolan wakalar sebäpli 300 adam göz tussaglygyna alyndy...

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä Eýranyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Said Muntezarulmehdi düýn gije başdan geçirilen wakalardan soň, göz tussaglygyna alynan  Gonabadi tarikadynyň agzalarynyň sanynyň 300-e ýetendigini habar berdi.

Said Muntezarulmehdi wakalarda meýletin güýçlerden 1 adamyň pyçakly hüjümde, beýlekisiniň bolsa ulagyň aşagynda galyp ýogalandygyny, howpsyzlyk güýçlerinden 30 adamyň we tarikada agza käbir adamlaryň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Tähranda Gonabadi tarikadynyň lideri Nur Ali Tabendeniň göz tussaglygyna alynandygy baradaky öňe sürmelere we tarikadyň agzasy Nimetullah Reýahiniň göz tussaglygyna alynmagyna nägilelik bildiren tarikadyň agzalary bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda düýn çaknyşyk boldy.

Demonstrantlaryň biriniň howpsyzlyk güýçleriniň üstüne awtobusyny sürmegi sebäpli 3 polis işgäri ýogalypdy, başga bir demonstrantyň bolsa ýene-de polisiýa işgärleriniň üstüne ulagy bilen sürmegi netijesinde 3 polis ýaralanypdy.



Degişli Habarlar