Eýran Ýewropa ýurtlaryndan we Hytaýdan kömek sorady...

Eýranyň hökümeti düýn ýere gaçan we içinde 66 ýolagçysy bolan uçaryň bölekleriniň tapylmagy üçin Ýewropa ýurtlaryndan we Hytaýdan özleriniň emeli hemralary arkaly tapylmagy üçin kömek sorady

913667
Eýran Ýewropa ýurtlaryndan we Hytaýdan kömek sorady...

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä gözleg toparlary entek uçaryň böleklerini tapmadylar.

Yspyhan şäheriniň günortasyndaky Dina dagyna gaçan uçaryň bölekleriniň 3800 metr beýkilikdäki daga ýaýran bolup biljekdigi we ýaramaz howa şertleri sebäpli ol ýere barmagyň kyndygy mälim edildi.

Dikuçarlar ýaramaz howa şertleri sebäpli gözleg işlerine gatnaşyp bilmeýär.

Gur ýerden iberilen gözleg toparynyň bolsa çak edilýän ýerde uçaryň böleklerini tapmak üçin bolsa örän köp wagt gider.

Gözleg işlerine Eýranyň goşuny uçarmansyz howa ulaglary bilen goldaw berýär.



Degişli Habarlar