Amerikanyň Florida ştatyndaky bir liseýde ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatynda liseýleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 17 adam ýogaldy

910820
Amerikanyň Florida ştatyndaky bir liseýde ýaragly hüjüm guraldy

Broward şäherindäki liseýiň ozalky okuwçylarynyň biri bolan hüjümçi Nikolaus Kruz göz tussaglygyna alyndy. Kruzyň geçen ýyl okuwyň düzgün-kadalaryny bozandygy sebäpli liseýden çykarylandygy mälim edildi.

Polis tarapyndan berilen beýanata görä 12 adamy mekdebiň içinde öldüren Nikolaus Kruz daşaryk çykanyndan soň mekdeniň howlusynda 2 adamy we köçeden geçip barýan ýene-de 1 adamy öldürdi. 2 adam bolsa alynyp gidilen hassahanalarynda ýogaldy.

Nikolaus Kruzyň okuwçylaryň liseýde üýşülýän ýere çykmagy üçin we has köp adamy öldürmek üçin bilkastlaýyn ýagdaýda ýangyn signalizasiýasyny açandygy mälim boldy.

Okuwçylara arkaýyn ýagdaýda od açan Kruzda AR-15 atly bir tüpeňiň tapylandygy mälim edildi.

Polisiýa gullugynyň işgärleriniň ýerli wagt bilen günortandan soň bolan hüjümi gözegçilik astyna almaga çalyşandygy, wakadan soň liseýiň ýapylandygy we ähli okuwçylaryň mekdepden çykarylandygy habar berildi.

Hassahanada bejergi astyna alynan ýaralylaryň saglyk ýagdaýlary barada maglumat berilmedi.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp wakadan birnäçe sagat soň Twitter hasabyndan beýanat berdi.

Tramp: “Dogalarymyz we gynançlarymyz Floridadaky elhenç hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalary we dogan-garyndaşlary bilendir. Hiç bir okuwçy, mugallym ýa-da başga biri Amerikan mekdeplerinde özüni howp astynda duýmaly däl” diýdi.



Degişli Habarlar