Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat berdi

Halkara ýardamlaryň berk gözegçilik astynda Gaza ýetirilmegine rugsat beriler

907675
Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat berdi

 

Ysraýylyň Kanal 10 telewideniýesiniň habaryna görä, Goranmak ministri Awigdor Libermanyň, Baş ştabyň başlygy Gadi Eisenkotyň we Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň Günorta serkerdeliginiň başlygy Eýal Zamiriň gatnaşmagynda geçirlen maslahatdan soň metbugata berlen beýanatda halkara ýardamlaryň Gaza girmegine rugsat berilmegi babatynda kararyň kabul edilendigi bellenildi

Halkara ýardamlaryň berk gözegçilik astynda Gaza ýetirilmegine rugsat beriljekdigi nygtaldy.

Habarda ady agzalýan karar barada doly maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar