Pentagon Afrin operasyýanyň özlerine zeper ýetirmejekdigine ünsi çekdi

Pentagon Afrin operasiýasynyň türk-amerikan gatnaşyklarynda haosa sebäp boljakdygy hakyndaky garaýyşlaryň nädogrydygyny mälim etdi

892695
Pentagon Afrin operasyýanyň özlerine zeper ýetirmejekdigine ünsi çekdi

 

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Afrin operasiýasynyň türk-amerikan gatnaşyklarynda haosa sebäp boljakdygy hakyndaky garaýyşlaryň nädogrydygyny mälim etdi.

Pentagon Afrin operasyýanyň özlerine zeper ýetirmejekdigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň Afrine operasiýa guramagynyň Ankara bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklarda haosa we sebitara çaknyşyga sebäp bolup biljekdigi  hakyndaky habarlar Pentagon tarapyndan ret edildi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Erik Pahon Anadoly Habarlar gullugyna beren beýanatynda türk-amerikan gatnaşyklarynyň beýle dartgynly ýagdaýda dowam edip bilmejekdigine ünsi çekdi.

Pahon “Biziň Afrinde esgerimiz ýok. Şol sebäpli hem operasiýa bize göniden zeper ýetirmez”diýdi.



Degişli Habarlar