Ýewropa Komissiýasy ÝB-Türkiýe Liderler Maslahaty Üçin İşe Girişdi

Ýewropa Komissiýasy geçen ýyl geçirilmedik ÝB-Türkiýe Liderler Maslahatynyň guralmagy üçin işe girişdi

890377
Ýewropa Komissiýasy ÝB-Türkiýe Liderler Maslahaty Üçin İşe Girişdi

ÝB-Türkiýe Liderler Maslahatynyň ýany bilen ÝB-Türkiýe ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk geňşi hem geçen ýyl maslahata çagyrylmandy.

Ýewropa Komissiýasy şol kemçilikleri düzetmek üçin taýarlyklara başlady.

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Bolgariýanyň ýylyň birinji ýarymynda Türkiýe bilen liderler maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändigi habar berilýar.

Ýewropa Komissiýasy hem liderler maslahatynyň hem-de hyzmatdaşlyk geňeşiniň aprel aýyndan soň geçirilmegi üçin agza ýurtlar bilen gepleşikler geçirdi.

Geňeşe ýakyn bolan çeşmeler liderler maslahatynyň maý ýa-da iýunda geçirilip bilinjekdigini beýan edýär.

Çeşmeler ÝB-niň döwürleýin başlyklygynyň iýul aýynda Awstriýa geçjekdigini ýatladyp, maslahatyň şondan ozal geçirilmeginiň möhümdigini nygtaýar.



Degişli Habarlar