Eýranda hökümetiň tarapdarlary köçelere çykdy

Demonstrantlar “Liderimiz, biz taýar!”, “Ýok bolsun ABŞ!”, “Ýok bolsun Saud Arabystany!” we “Ýok bolsul pitneçileri we munapyklar” diýlen şygarlary aýtdylar

881052
Eýranda hökümetiň tarapdarlary köçelere çykdy

Eýranyň döwlet teleýaýlymy şu gün irden köp sanly şäherde hökümetiň tarapdarlarynyň ýöriş üçin jemlenşendigini habar berdi

Hökümet tarapdarlarynyň demonstrasiýalary dini lideri Aýatulla Ali Hamaneýiň wakalar baradaky “Eýranyň duşmanlarynyň” uruş turuzmaga synanşýandygyny beýan etmeginden soň başlady.

Ýurtda soňky günlerde dowam eden hökümete garşy ýörişleri we köçe wakalaryny protest etmek üçin Eýranyň hökümetiniň halka eden çagyryşdan soň höklümetiň tarapdarlary Ahwaz, Abadan, Gürgen, İýlam, Erak, Hurrem Abat, Kirmanşa we Buşehr şäherlerinde “hökümet goldaw” mitingleri geçirildi.

Demonstrantlar “Liderimiz, biz taýar!”, “Ýok bolsun ABŞ!”, “Ýok bolsun Saud Arabystany!” we “Ýok bolsul pitneçileri we munapyklar” diýlen şygarlary aýtdylar.

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe tabynlykdaky Wagyz ediş guramasy tarapyndan anna güni geçiriljek rejime goldaw mitinginiň yza süýşürilendigi habar berildi.

Oppozisionerler hem paýtagt Tähran, Yspyhan, Hemedan, Hürremabad, Buşehr, Ahwaz, Abadan ýaly şäherlerde gijara protest ýörişlerini geçirip, hökümete garşy şygarlar aýtdylar.

Maşat şäherinde köp sanly ýarag sesi eşidildi we tiz kömek ulaglary hassahanalara ýaralylary getirdi.

Wakalarda adam pidasynyň bolup bolmandygy näbelli bolmagynda galýar.

Sosial mediada ýaýradylan wideo ýazgylarda ýüzlerje protestçiniň köçä çykandygy görülýär.

Penşenbe güni Maşat şäherinde haýsydyr bir syýasy partiýanyň çagyryşynyň bolmandygyna garamazdan jemlenşen mähelle ýurtdaky ykdysady şertleri protest etmek maksady bilen ýöriş geçiripdi.

Rejime garşy protest aksiýalaryna öwrülen ýörişler ýurduň dürli şäherlerinde dowam edýär.

 


Etiketkalar: #Eýran , #köçe , #şygar

Degişli Habarlar