Talibanly başbozarlaryň guran hüjüminde 11 polis ýogaldy

Talibanly başbozarlaryň Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatyndaky polisiýa bölümine guran hüjüminde polisiýanyň 11 işgäri ýogaldy

870180
Talibanly başbozarlaryň guran hüjüminde 11 polis ýogaldy

Helmandyň gubernatory Haýatullah Haýat başbozarlaryň Laşkargahdäki polisiýa bölümine hüjüm gurandygyny, hüjümiň netijesinde polisiýa gullugynyň 11 işgäriniň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde şeýle hem 8 adamyň ýaralanadygyny aýdan Haýat ýüze çykan çaknyşykda Talibaly terrorçylaryň hem ýitgi çekendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar