Gündogar Ierusalimde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň kararyna garşy ýörişler başlady
Protest ýörişlerinde “Ierusalime janymyz, ganymyz pida bolsun” diýlen şygarlar aýdyldy
863636
Basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Ierusalimde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň kararyna garşy ýörişler başlady.
Gündogar Ierusalimiň Gadymy şäher etrapçasynda bir ýere jemlenşen palestinalylar Trampyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegine berk garşylyk görkezdi.
“Ierusalime janymyz, ganymyz pida bolsun” diýlen şygarlar aýdan palestinalylara Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri garşylyk görkezdi.
Ierusalimiň köçelerinde başdan geçirilýän dartgynlyk dowam edýär.
Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri Beýtüllahim we Ramallah şäherlerinde guralan ýörişlere hem garşylyk görkezdi.
Degişli Habarlar
“Howpsuzlyk Geňeşi Derejesinde Özara Gatnaşyklary Pugtalandyrmaga Taýar”
Sergeý Şoýgu düýn paýtagt Moskwada Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.