Ispaniýa-Kataloniýa dartgynlygy dowam edýär

Ispaniýada Kataloniýa Awtonom dolanşygynyň 1-nji oktýabrda geçiren garaşsyzlyk referendumyndan soň başda geçirilýän krizis dowam edýär

835359
Ispaniýa-Kataloniýa dartgynlygy dowam edýär

Ispaniýanyň Senady şu gün Kataloniýanyň özbaşdaklygynyň elinden alynmagy bilen bagly ses berilşik geçirer.

Ispaniýanyň Senady konstitutsiýanyň ozal hiç wagt ýola goýulmadyk 155-nji maddasyna laýyklykda Kataloniýanyň dolanşygyny öz gözegçiligi astyna almagy maksat edinýär.

155-nji maddanyň kabul edilmegi bilen şu hepdäniň şenbe güni Kataloniýanyň dolanşygy Ispaniýanyň gözegçiligi astyna geçer.

Kataloniýanyň Parlamendi hem kabul ediljek karara garşy näme jogap beriljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün Barselonada ýygnanar.

Kataloniýanyň Awtonom dolanşygynyň başlygy Karles Puigdmont Senata iberen hatynda Kataloniýanyň özbaşdaklygynyň ortadan aýrylmagynyň krizisi has hem dartgynlaşdyrjakdygyny belledi.



Degişli Habarlar