Mýanma BMG-nyň ýolbaşçylarynyň Arakan welaýatyna sapar guramagyna rugsat bermedi

Hag Mýanmadaky çaknyşyklardan gaçyp Bangladeşe giden Arakanly musulmanlaryň sanynyň 500 müňden geçendigini ýatlatdy

816791
Mýanma BMG-nyň ýolbaşçylarynyň Arakan welaýatyna sapar guramagyna rugsat bermedi

 

BMG Mýanmanyň BMG-nyň ýolbaşçylarynyň Arakan welaýatyna gurajak saparyny goý bolsun edendigini habar berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Farhan Hag metbugata beren beýanatynda Mýanmaly ýolbaşçylaryň düýn guralmagy meýilleşdirlen sapary “howa şertleri” sebäpli goý bolsun edendigini aýtdy.

BMG-nyň Mýanmada krizisiň başlan gününden bäri Arakan welaýatyna gitmek üçin ýüz tutandygyna ünsi çeken Hag “Mýanmaly ýolbaşçylar howa şertleri sebäpli sapary goý bolsun etdi. Saparyň näme üçin amala aşyrylmandygyny Mýanmaly ýolbaşçylary düşündirmeli, saparyň haçan guraljakdygy hem ýene Mýanmaly ýolbaşçylara bagly” diýdi.

Hag Mýanmadaky çaknyşyklardan gaçyp Bangladeşe giden Arakanly musulmanlaryň sanynyň 500 müňden geçendigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar