Saud Arabystanynda zenanlaryň ulag sürmegine rugsat berildi

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud ýurtdaky zenanlaryň ulag sürmeklerine rugsat berýän permana gol çekdi

814822
Saud Arabystanynda zenanlaryň ulag sürmegine rugsat berildi

Şa Salman Zenanlara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmegi baradaky permany tassyklady. Şa, kararyň 2018-nji ýylyň iýun aýyna çenli güýje girizilmegi barada buýruk berdi.

Saud Arabystany zenanlaryň ýanynda maşga agzalaryndan bir erkek bolmasa ulag sürmegi gadagan edilen ýeke-täk ýurt.

Ulag sürme hukugy üçin göreşýän zenanlar azatlykdan mahrum edilýäri.

Saud Arabystanynyň döwlet habarlar gullugynyň mälim etmegine görä: “Şalygyň buýrugy erkeklere we aýallara deň derejede sürüjilik şahadatnamasynyň berilmegi bilen birlikde ulag-ýol düzgünlerini öz içine alýar” diýildi.

Şanyn buýrugyna laýyklykda ýurtda ýörite komissiýa dörediler. İçeri işler, maliýe, zahmet we sosial üpjünçilik ministrlikleriniň wekillerinden emele geljek komissiýa şanyň kararlarynyň iş ýüzüne geçirliş düzgünlerini kesgitlär.

ABŞ permana kanagatlanma bildirip, wakany “dogry ýolda ädilen aýgytly ädim” hökmünde häsýetlendirdi.

Ak Tamdan berilen beýannamada; “Prezident Donald Tramp Saud Arabystanynda zenanlara ulag sürmäge hukuk berýän karara kanagatlanma bildirýär. Ol, Saud Arabystanyndaky zenanlaryň hukuklarynyň ýaýbaňlanmagy taýdan oňyn başlangyç. Şu we 2030 Maksatnamasy ýaly özgertmeler arkaly Arabystanyň halkyny we ykdysadyýetini güýçlendirmek ugrundaky tagallalarynda hökümeti goldamaga dowam ederis” diýilýär.



Degişli Habarlar