ABŞ-daky Harweý harasadynda ýogalan adamlaryň sany artdy
ABŞ-daky Harweý harasadynda ýogalan adamlaryň sany 40-a ýetdi, ençeme adam bolsa dereksiz ýitdi
799865
Ýurdyň Tehas ştatyna öz täsirini ýetiren harasat sebäpli zyýan çeken we zeper ýeten ýerler örän köp.
Harsadyň merkezi Hýuston şäher boldy.
Harasat sebäpli derýalar hanasyndan daşdy. köprüler çökdi, öýleri suw basdy, 100 müň öýe zeper ýetdi.
Krosbidäki himiki desgada partlama boldy.
Bomontdaky hassahanada elektrik toklaryň kesilmegi sebäpli ýüzlerçe syrkaw başga ýerlere geçirildi.
Ýagyşlaryň azalmagy sebäpli halas ediş işleri çaltlandyryldy.
Halas ediş işlerine harbylar hem kömek berýär.
Harweý harasadynyň Tehasa ýetiren zyýany 51 bilen 75 milliard dollar aralygyndadygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.