Hindistanda binanyň çökmegi netijesinde 16 adam ýogaldy

Hindistanyň günbataryndaky Mumbai şäherinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 100 ýyllyk 5 gatly binanyň çökmegi netijesinde 16 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy

799439
Hindistanda binanyň çökmegi netijesinde 16 adam ýogaldy

Halas ediş toparlar, Içeri işler müdürliginiň işgärleri we golaýda ýaşaýan adamlar çöken binanyň aşagyndan ýogalan 16 adamyň jesedini çykardy.

Çöken binanyň aşagyndan 30 adam bolsa ýaraly ýagdaýda halas edildi.

Halas edijiler ýumrulan binanyň aşagynda entegem adamlaryň bardygyny, emma anyk sany bilmeýändiklerini habar berdiler. Içeri işler müdürligi bolsa çöken binada 9 maşgalanyň ýaşandygyny mälim etdiler.

Binanyň 1-nji gatynyň çagalar bagy hökmünde ulanylandygyny aýdan resmiler binanyň çöken mahalynda çagalaryň binanyň içine entek girmändiklerini habar berdiler.



Degişli Habarlar