Dünýä ýurtlary Ispaniýadaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Dünýä ýurtlary Ispaniýanyň Barselona şäherinde guralan terrorçylykly hüjüme garşylyk görkezýär

792363
Dünýä ýurtlary Ispaniýadaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Hüjümden soň Barselona gitjekdigini aýdan Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Ražoý “terrorçylar halkymyzy asla ýeňip bilmez” diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bu elhenç hüjümi guranlaryň gyssagly tussag edilip kaziýet işine çekilmegini isledi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg “Terrora garşy göreşde birlikde hereket etmelidiris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem  ýüzlenmesinde “ABŞ elinden geleni etmäge taýar” diýdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson ýurdunyň we hyzmatdaşlarynyň terrory ýok etmekde tutanýerlidiklerini nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem “asuda ilata garşy guralan hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys” diýdi we dünýä ýurtlaryna terrora garşy göreşde jebislikde hereket edilmegi çagyryşyny berdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý ýaly birnäçe ýurduň lideri İspaniýada guralan hüjümi ýazgardylar we terrora garşy göreşde Ispaniýa goldaw berýändiklerini nygtadylar

 



Degişli Habarlar