Barselona hüjüminiň jogapkärleri ýurdyň ähli ýerinde gözlenýär

Ispan polisi Barselonada guralan terrorçylykly hüjümiň esasy jogapkäriniň Musa Ukabirdigini çak edýär

792660
Barselona hüjüminiň jogapkärleri ýurdyň ähli ýerinde gözlenýär

18 ýaşly Musa Ukabiriň dogany Driss Ukabir hüjümden soň göz tussaglygyna alynypdy.

Ripolliniň gubernatory Jordi Munell Kataloniýanyň TV3 kanalyna beren beýanatynda  Driss Ukabiriň pasportyny ýitirendigini aýtmak üçin polisiýa merkezine barýarka göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

28 ýaşly asly marokkoly Ukabir doganynyň jigisiniň pasportyny ogurlandygyny pikir edýändigini belläp, pasportyň wakanyň bolan ýerinde tapylandygyny ýatlatdy.

Polis gullugy Driss Ukabire örän meňzeýän Musa Ukabiriň doganynyň pasportyny ulanyp, mikroawtobusy kreýine alandygyny çak edýär.

Musanyň Barselonada, Drissiň bolsa Ripollde ýaşaýandygy mälim edildi.

Terrorra garşy göreş bölümi hüjümiň 12 adamdam ybarat toparyň gurandygyny habar berdi.

Ispaniýanyň Barselona şäherinde bir mikroawtobusyň adamlaryň üstüne sürmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany bolsa 14-e ýetdi.

Wakada takmynan 100 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan Kataloniýanyň polisiýa gullugy Twitterden Ripollde hüjüm bilen arabaglanşygy bolan 3-nji bir adamyň hem göz tussaglygyna alynandygyny belledi.

Kadena Ser radiosy polisiýanyň 1 ulagy we 2 adamy gözleýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar